Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Elimi saňa garşy uzadaryn, haramlygyňyzdan aşgar bilen tämizlärin seni, ähli ýanyklaryňy aýraryn. Taňry Sion gyzlarynyň pisligini ýuwar, Iýerusalimde dökülen gany höküm we alaw ruhy bilen tämizlär. Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin. Reb Öz leşgeriniň öňünde batly seslenýär. Neneňsi köp sanly Onuň leşgeri! Onuň buýrugyna tabyn bolýanlaryň ýokdur hasaby. Dogrudan-da, Rebbiň güni beýikdir, elhençdir şübhesiz – çydajak barmy? Şol galan üçden birini otdan geçirerin, olary kümüş kimin saplaryn, altynyň barlanyşy ýaly synaryn. Olar Maňa dileg ederler, Men olara jogap bererin, «Bu – Meniň halkym» diýerin; Olar-da: «Reb – biziň Hudaýymyz» diýerler. Ine, palta eýýäm agaçlaryň düýbünde ýatyr: oňat miwe bermeýän her bir agaç çapylyp, oda taşlanar. Toba edendigiňiziň nyşany hökmünde men sizi suwa çümdürýärin, emma menden soňra Geljek menden has güýçlüdir. Men Onuň çaryklaryny götermäge-de mynasyp däldirin. Ol sizi Mukaddes Ruha hem-de oda çümdürer. Onuň harman sowurýan çarşagy elindedir. Ol harman ýerini süpürip, bugdaýyny ammara üýşürer, samany bolsa sönmez otda ýakar». gurandygy soňra belli bolar. Bu Rebbiň gününde ot-alaw arkaly aýan bolar. Ot-alaw her kesiň eden işiniň nähilidigini synar. Eger onuň guran binasy oda çydasa, ol öz sylagyny alar. Guran binasy otda köýse, ol ýitgi çeker. Ýöne altyn-kümşüň otda arassalanyşy ýaly saplanyp, halas bolar.
Выбор основного перевода