Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Nuhuň ömrüniň alty ýüzünji ýylynyň ikinji aýynyň on ýedinji güni – hut şol gün düýpsüz çuňlugyň ähli çeşmeleri böwsüldi, asman suw bentleri kimin açyldy. Onsoň patyşanyň iň ýakyn nökerleriniň biri Hudaýyň adamyna: «Hatda Reb gökden penjireler açaýanda-da, heý, şeýle-de bir zat bolup bilermi?» diýdi. Emma Elýaşa: «Sen muny öz gözüň bilen görersiň, ýöne ondan iýmersiň» diýdi. Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp». Muňa garamazdan, Ol asmana buýurdy, gökleriň gapylaryny açyp goýberdi. Olar iýer ýaly üstlerine manna ýagdyrdy, olara gökleriň gallasyny iberdi. Adam ogullary perişdeleriň çöregini iýdi, Ol olara bolelin iýmit iberdi. Göklerde gündogar ýelini Ol öwüsdirdi, kuwwaty bilen günorta ýelini Ol gönükdirdi. Et ýagdyrdy üstlerine bir tozan kimin, ganatly guşlary – deňiz çägesi kimin. Bulary gaçyrdy çadyrlarynyň aralaryna, mesgenleriniň daş-töweregine. Olar gerk-gäbe iýip doýdular, sebäbi Ol olaryň küýsän zadyny berdi. Rebbi bütin baýlygyň hem ilkinji hasylyň bilen hormatla. Şonda seniň ammaryň dolup-daşar, çelekleriň täze şerapdan joşar. Şuny unutmaň: gysganyp ekýän az orýandyr, sahylyk bilen ekýän, bol orýandyr. Göwünsizlik ýa mejburlyk bilen däl-de, her kes göwnünden çykaranyny bersin. Çünki Hudaý göwünjeňlik bilen berýäni halaýandyr. Hemişe hemme zadyňyz ýeterlik bolup, islendik ýagşy işe bol mümkinçiligiňiz bolar ýaly, Hudaý size merhemetini boldan-bol bermegi başarýandyr.
Выбор основного перевода