Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4
Параллельные места
Ýöne indi Sen bularyň günälerini geçeweri, ýogsa-da meniň adymy Öz adamlaryňyň ady ýazylan kitabyňdan öçür» diýdi. Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň. Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin. Dogry adamlarda Rebbiň gözleri, perýatlaryna açyk Onuň gulagy. Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy, meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy; olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi? Gulagy ýaradan, heý, eşitmezmi? Göze şekil beren, heý-de, görmezmi? Heniz şekilsizkäm meni gözleriň gördi, maňa bellenilen günleriň hiç biri heniz gelmänkä, olaryň her biri Seniň kitabyňda eýýäm ýazylgy. Reb ýagşydyr, betbagtlyk gününde halkyna penadyr; Ol Öz penasyndakylary goraýandyr. Men tagtyň öňünde duran uludyr kiçi ölüleri gördüm. Kitaplar açyldy. Ýaşaýyş kitaby atly ýene bir kitap açyldy. Kitaplarda ýazylanlara seredilip, ölülere eden işlerine görä kazylyk edildi.
Выбор основного перевода