Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. «Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin. Öküzçäni Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna, Rebbiň huzuryna getirsin we elini öküzçäniň kellesine goýup, Rebbiň huzurynda onuň damagyny çalsyn. Onsoň başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhany öküzçäniň ganyndan birazragyny alyp, ony Rebbe ýüz tutulýan çadyra getirsin. Baş ruhany gana barmagyny batyryp, Rebbiň huzuryna – iň mukaddes otagyň tutusynyň öňüne gany ýedi gezek sepelesin. Soňra baş ruhany Rebbe ýüz tutulýan çadyrdaky – Rebbiň huzuryndaky ýakymly ysly tütetgi ýakylýan gurbanlyk sypasynyň şahlaryna biraz gan çalsyn. Öküzçäniň galan ganyny bolsa Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ýakma gurbanlyk sypasynyň düýbüne döksün. Baş ruhany günä gurbanlygy hökmünde berlen bu öküzçäniň bar içýaglaryny, garyn içegeleriniň daşyndaky ýaglaryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alsyn. Baş ruhany günä gurbanlygy hökmünde berlen bu öküzçäniň bar içýaglaryny, garyn içegeleriniň daşyndaky ýaglaryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alsyn. Baş ruhany bu malyň ýagyny-da edil salamatlyk gurbanlygy üçin öldürilen öküziň ýaglarynyň alnyşy ýaly alyp, olary ýakma gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn. Emma baş ruhany öküzçäniň derisini, bar etini, kellebaşaýagyny, garyn-içegelerini garyn-gajagy bilen, garaz, öküzçäniň diňe ýagyndan başga bar zadyny düşelgäniň daşyndaky bir halal ýere, kül üýşmeginiň üstüne çykardyp ýakdyrsyn.
Выбор основного перевода