Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Haruna we onuň ogullaryna aýt, ysraýyllara pata bersinler. Siz olara şeýle diýiň: „Goý, Reb sizi ýalkap, Öz penasynda saklasyn! Reb güler ýüzi bilen baksyn, size merhemet etsin! Reb size nazaryny salyp, salamatlyk bersin! Şeýdip, Harun we onuň ogullary ysraýyllara Meniň adym bilen pata bersinler, Men hem olary ýalkaryn“». Soňra ruhanylar, ýagny Lewiniň ogullary gelsinler, çünki Hudaýyňyz Reb Özüne hyzmat eder ýaly we Öz adyndan halka pata berer ýaly, olary ruhany edip saýlady. Ähli uruşlary we dawalary olar çözýärler. Isa olary şäheriň daşyna çykaryp, Beýtaniýa getirdi. Onsoň ellerini galdyryp, olara pata berdi.
Выбор основного перевода