Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar. Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner». Olar Musanyň buýran zatlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirdiler we bütin halk golaýa gelip, Rebbiň huzurynda durdy. Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi.
Выбор основного перевода