Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr. Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar. Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar. Sadaka berýän adamyň özi gurbanlyk berlen malyň ýagyny onuň döşi bilen birlikde getirip, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrsyn. Ruhany ýagy gurbanlyk sypasynda ýaksyn, emma gurbanlyk malynyň döşi Harunyň ogullarynyňky bolmalydyr. Şeýle hem salamatlyk gurbanlygyňyzyň sag buduny-da sadaka hökmünde ruhana beriň. Gurbanlyk malynyň paý hökmünde berilýän bu sag buduny, salamatlyk gurbanlygynyň ganyny we ýagyny hödürlän ruhany alsyn. Çünki Men ysraýyl halkyndan olaryň salamatlyk gurbanlyklaryndan Rebbe göterme sadakasy hökmünde hödürlenen döşi we sag budy aldym. Olary Men ysraýyl halkyndan ruhany Haruna we onuň ogullaryna ebedilik paý hökmünde berdim.
Выбор основного перевода