Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin. Biriniň azaşyp gelen öküzini ýa-da goýnuny görübem görmediksirän bolmaň. Ol mallary eýesine getirip beriň. Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz. Kimdir biriniň ýitiren eşegini, geýim-gejimini – ýitiren islendik zadyny tapanyňyzda hem şeýle ediň. Öz kömegiňizi gaýgyrmaň. Men ony ýolladym. Ol ogrynyň hem-de Meniň adymdan ýalandan ant içýäniň öýüne girer we şol öýde-de galar; agaç-tagtasydyr daşlary bilen bile öýi ýuwudar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr».
Выбор основного перевода