Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onuň galanyny Harun we onuň ogullary iýsin. Ondan petir bişirilip, olar mukaddes ýerde, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň howlusynda iýilsin. «Näme üçin siz günä gurbanlygyny mukaddes öýüň ýanynda iýmediňiz? Ol örän mukaddes gurbanlykdyr, ony size Reb Öz huzurynda halky günälerinden saplamagyňyz üçin berdi ahyryn. Gurbanlyk malynyň gany mukaddes otaga getirilmändir. Meniň tabşyrygyma görä, siz bu gurbanlygy hökman mukaddes öýüň ýanynda iýmelidiňiz». Iň mukaddes sadaka hökmünde otda ýakylmaýan zatlardan şular siziňki bolar: olaryň iň mukaddes zat hökmünde Maňa hödür edýän her bir sadakasy, galla sadakasymy, günä gurbanlygymy ýa ýazyk gurbanlygymy, parhy ýok, bular saňa we seniň ogullaryňa degişlidir. Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir. Ol mukaddes ýerde hyzmat etmek üçin içki howla giren güni öz günä gurbanlygyny hödür etmelidir. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Ruhanylaryň mirasy bardyr, ol miras Mendirin; Ysraýylda olara mülk bermäň, olaryň mirasy Mendirin. Galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny olar iýerler. Ysraýylda ähli bagyş edilen zatlar olaryňky bolar.
Выбор основного перевода