Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp päkleme geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar. Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar. Harunyň ogullaryndan başga gurbanlyk malynyň etine galtaşan her kes betbagtçylyga uçrar. Eger onuň gany egin-eşige syçrasa, ol mukaddes ýerde ýuwulsyn. Gurbanlyk malynyň eti gaýnadylan toýun gap döwülsin. Eger ol bürünç gapda gaýnadylan bolsa, ol gap sürtgüç bilen sürtülip, suw bilen çaýkalsyn. Ruhanylar urugyndan bolan her bir erkek göbekli ondan iýip biler. Bu gurbanlyk örän mukaddes gurbanlykdyr. Olary siz iň mukaddes zat hökmünde iýmelisiňiz, hemme erkekler olardan iýip bilerler. Bular siziň üçin mukaddesdir.
Выбор основного перевода