Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger bir adam puly ýa-da harydy goňşusyna saklamaga berse, ol hem onuň öýünden ogurlansa, onda ogry tutulan ýagdaýynda, goý, ol ogry iki esse tölesin. Eger biri goňşusyna öz eşegini, öküzini ýa-da goýnuny, ýa-da islendik malyny saklamaga amanat berse, hiç kim görmänkä ol mal ölse, ýaralansa ýa-da alnyp gidilse, Ogrulyk, hilegärlik etmäň, bir-biriňizi aldamaň. Galp zat babatda Meniň adymdan ant içip, Hudaýyňyzyň adyna ysnat getirmäň. Men Rebdirin. Ýoldaşyňyň hakyny iýme, ony talama. Günlükçiniň zähmet hakyny bir günem saklama. «Ysraýyllara aýt: eger erkek ýa-da aýal bir adamyň garşysyna günä etse we Rebbe dönüklik edip, günä gazansa, Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama. Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň». Biri-biriňize ýalan sözlemäň, sebäbi siz köne ýaradylyşyňyzy köne urp-adatlary bilen birlikde çykaryp zyňdyňyz.
Выбор основного перевода