Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýokançly deri keseli bolan adam sal-sal eginbaş geýip, saçyny daramasyn we eli bilen agzyny tutup: „Men – haram, men – haram“ diýip gygyrsyn. Reb Musa şeýle diýdi: «Ruhanylar, ýagny Harun ogullary bilen gepleşip, olara şeýle diý: „Olaryň hiç biri öz garyndaşlaryndan bolan merhuma galtaşyp, özlerini haram etmesin. Başyna mesh ýagy guýlup, ruhanylyk lybaslaryny geýmek üçin bellenen baş ruhany ýas tutýandygyny görkezmek üçin, saçyny ýaýyp, lybaslaryny ýyrtmasyn. Emma Musa bilen Harun ýüzin ýykylyp: «Eý, Hudaý, ähli adamzadyň gözbaşy bolan Hudaý, bir adam günä etdi diýip, bütin jemagata gazaplanýarmyň?» diýdiler. Musa Haruna şeýle diýdi: «Öz tütetgi ýakylýan gabyňy al, oňa gurbanlyk sypasyndan köz alyp sal, onuň üstüne-de ýakymly ysly tütetgini goýup, halky günälerinden saplamak üçin, çaltlyk bilen olaryň arasyna bar. Çünki Rebbiň gahar-gazaby tutaşdy, gyrgynçylyk başlandy». Siz bolsa bu gün Rebden boýun towladyňyz! Eger siz bu gün Rebbe baş göterseňiz, ertir Ol tutuş ysraýyl jemagatyna göz görkezer. Eger siziň mülk ýerleriňiz päk bolmasa, onda Rebbiň topragyna – mukaddes çadyryň duran ýerine geçiň-de, mülk ýeriňizi biziň aramyzdan alyň. Emma biziň Hudaýymyz Rebbiň gurbanlyk sypasyndan başga öz gurbanlyk sypaňyzy gurup, Rebbe we bize garşy baş götermäň. Ýadyňyzdamy, Zeranyň çowlugy Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan ogurlap, dönüklik edipdi. Munuň üçin bolsa jeza tutuş ysraýyl jemagatynyň üstünden indi. Bu günä üçin onuň diňe ýeke özi ölmändi“». «Eý, ynsan ogly! Ine, Men gözleriňe iň gymmatly bolan kişini bir zarbada senden alaryn, ýöne sen zeýrenme, aglama, gözýaş dökme. Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme».
Выбор основного перевода