Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bu kanun haram bilen halaly, iýilýän jandar bilen iýilmeýän jandary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin niýetlenendir. Şeýle hem ýerde ýaşaýan haýwanlar, guşlar, suwda ýaşaýan jandarlar, guryýer süýrenijileri hakyndaky kanundyr. Şonuň üçin hem siz halal haýwany haram haýwandan, halal guşy hem haram guşdan saýgaryň. Siziň üçin haram diýip aýrybaşgalan haýwanlarym, guşlarym ýa-da guryýer süýrenijileri bilen özüňizi haram etmäň. Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum. Meniň halkyma mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň, halal bilen haramyň parhyny öwretmeli.
Выбор основного перевода