Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler. Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn. Harun Rebbiň huzuryndaky gurbanlyk sypasynda ýanýan oduň közlerinden doldurylan kül atary we owradylan ýakymly ysly tütetgiden iki gysym alyp, iň mukaddes otaga girsin. Harunyň ogullaryndan ruhanyçylyga bellenip, bagyş edilenleri şulardyr. Emma Nadap bilen Abyhu Sinaý çölünde mukaddes bolmadyk ody Rebbiň huzurynda hödür edendikleri üçin öldüler. Olardan zürýat galmady. Elgazar bilen Ytamar bolsa atalary Harunyň ýaşan döwründe ruhany bolup hyzmat etdiler. Emma Nadap bilen Abyhu kakalaryndan öň ölüpdiler; olaryň ogly ýokdy. Şoňa görä, Elgazar bilen Ytamar ruhany boldular.
Выбор основного перевода