Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlygynyň gölesiniň damagyny çaldy. Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi. Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi. Harun ýakma gurbanlygyny-da hödürläp, ony düzgün boýunça hödür etdi. Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden». Olar agyz bekleseler-de, olaryň perýadyna gulak asmaryn. Olar ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny hödürleseler-de, Men olary kabul etmerin. Tersine, gylyç, açlyk we mergi bilen olary ýok ederin». Ysraýyl halky içgi sadakasyny Rebbe bermez. Gurbanlyklaryndan Ol razy bolmaz. Onuň nany ýashana ýeriniň çöregi ýaly, ondan iýenler haram bolarlar. Çünki olaryň nany diňe garyn doýurmak üçindir. Ol Rebbiň öýüne getirilmez. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Gurbanlyk sypamda biderek ýere ot ýakmazyňyz ýaly, käşgä araňyzdan biri çykyp, derwezeleri ýapsady! Men sizden razy däldirin. Indi Men siziň eliňizden sadaka kabul etmerin.
Выбор основного перевода