Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Goý, ýedi ruhanynyň hersi goçuň şahyndan edilen bir surnaýy alyp, Äht sandygynyň öňünden ýöresin. Ýedinji gün siz galanyň daşyndan ýedi gezek aýlanyň, şol wagt ruhanylar hem surnaýlaryny çalsynlar. Ýedinji aýlawda ruhanylar surnaýlaryny çalanlarynda, Ýeşuwa öz adamlaryna gygyrmagy buýrup, şeýle diýdi: «Gygyryň! Çünki Reb bu galany size berdi! Şeýdip, adamlar gygyrdylar, ruhanylar surnaýlaryny çaldylar. Goşun surnaýlaryň sesini eşiden badyna şeýle bir uly şowhun turuzdy welin, galanyň diwarlary ýykyldy. Şol wagt goşun gala tarap okduryldy we ony basyp aldy. Çünki ammonlylar we mowaplylar Segir dagynyň ilatyna hüjüm edip, olary bütinleý ýok edipdiler. Segir dagynyň ilatynyň soňuna çykandan soň, ammonlylar we mowaplylar biri-birlerini gyrmaga başladylar.
Выбор основного перевода