Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Bu hanlar ähli goşunlary bilen geldiler, olaryň atlarynyň we söweş arabalarynyň sany juda köpdi. Olaryň sany edil deňiz kenaryndaky çäge ýaly köpdi, ägirt uly goşundy. Ysraýyllar ýere tohum sepip, ekişe başlanlarynda, midýanlar, amalekler we gündogar halklar olaryň üstüne çozardylar. Olar mallary hem çadyrlary bilen bile edil çekirtge çozan ýaly bolup gelerdiler; olaryň özleriniň hem, düýeleriniň hem san-sajagy ýokdy. Olar ýurdy wes-weýran ederdiler. Zebah bilen Salmunna Karkordady. Gündogaryň ilatyndan ýygnanan, tutuş goşundan diri galan on bäş müňe golaý esger hem olaryň ýanyndady. Olaryň ýüz ýigrimi müň söweşijileri bolsa öldürilipdi. Üç müň söweş arabaly, alty müň söweş arabaly esgerleri we sansyz-sajaksyz goşun bolup, Ysraýyl bilen uruşmak üçin, piliştliler başlaryny jemlediler. Beýtaweniň gündogaryndaky Mikmaşa baryp, olar ol ýerde özlerine harby düşelge gurdular. Gür bolsa-da, tokaýyny çaparlar, muny Reb aýdýandyr. Olar çekirtgelerden-de köpdür, hasaby ýok, san-sajaksyzdyr.
Выбор основного перевода