Beýleki dosty oňa: «Bu ysraýylly Ýowaşyň ogly Gidegonyň gylyjydyr. Midýanlary we onuň düşelgelerindäki tutuş goşunyny Hudaý onuň eline berdi» diýip jogap berýär.
Üç bölümdäkileriň hemmesi-de surnaýlaryny çalyp, küýzelerini döwdüler. Çep elinde çyrany saklap, sag elinde surnaý çaldylar hem-de: «Reb üçin, Gidegon üçin söweşe çykalyň!» diýip gygyryşdylar.