Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Gidegon ol ýere gelende, bir adam dostuna gören düýşüni aýdyp berip otyrdy. Ol: «Düýşümde bir tegelek arpa çöregi midýanlaryň düşelgesiniň üstünden togalanyp, çadyra gelip urýar-da, ony ýykýar, çadyr yranyp dargaýar» diýýär. Beýleki dosty oňa: «Bu ysraýylly Ýowaşyň ogly Gidegonyň gylyjydyr. Midýanlary we onuň düşelgelerindäki tutuş goşunyny Hudaý onuň eline berdi» diýip jogap berýär. Gidegon bu düýşi diňläp, onuň ýorgudyny eşidenden soň, Rebbe sežde etdi. Ol ysraýyllaryň düşelgesine dolanyp geldi-de: «Turuň, çünki Reb midýanlaryň goşunyny siziň eliňize berdi» diýdi. Eger olar: „Ýanyňyza barýançak garaşyň“ diýseler, biz şol duran ýerimizde durarys, olara golaýlaşmarys. Ýöne olar: „Bäri geliň“ diýäýseler, onda olaryň ýanyna bararys. Çünki bu olary Rebbiň biziň elimize berendigini görkezýän bir alamat bolar».
Выбор основного перевода