Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady. Soňra Musa ysraýyl tire baştutanlaryna şeýle diýdi: «Ine, Reb size şu zatlary buýurdy: Eýýup ýerinden galyp, ýakasyny ýyrtdy, saçyny syryp, ýüzüni ýere berip sežde etdi. Düýşüň gaýgy-aladanyň köpdügi üçin gelşi ýaly, samsyk gep-de, köp sözlülikden gelýändir. Wada bermezlik wada berip, ony berjaý etmezlikden ýagşydyr. Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin? Siz ýene gadymkylara: „Ýalandan ant içme, emma Rebbiň öňünde içen antlaryňy berjaý et“ diýlenini hem eşidensiňiz. Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi.
Выбор основного перевода