Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ol ýakma gurbanlygy üçin niýetlenen odunlary ogly Yshagyň omzuna goýdy, ot bilen pyçagy bolsa Ybraýymyň özi göterdi. Şeýdip, ikisi tirkeşip gitdiler. Olar gidip barýarkalar, Yshak birden: «Kaka!» diýip, Ybraýyma ýüzlendi. Ybraýym: «Näme, oglum?» diýdi. Yshak: «Ot-da, odun-da bar, ýöne ýakma gurbanlygy üçin janly nirede?» diýdi. Soňra Harunyň aýal dogany Merýem pygamber eline depregini aldy. Hemme aýallar hem depreklerini çalyp, tans edip, onuň yzyna düşdüler. Ammonlylar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular. Şeýlelikde, Ýeftah Gilgat ýaşululary bilen gitdi. Halk ony özüne baştutan we serkerde edip saýlady. Ýeftah şonda Mispada Rebbiň huzurynda söz sözledi. Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler. Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär: Men seni ýene dikelderin, sen täzeden dikelersiň, eý, Ysraýyl boý gyzy! Sen ýene deprekleriňi alyp, şadyýan tans edýänlere goşularsyň.
Выбор основного перевода