Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Ammonlylar üýşüp, Gilgatda düşelge gurdular. Ysraýyllar ýygnanyp, Mispada düşelge gurdular. Gilgat halkynyň tirebaşylary biri-birilerine: «Ammonlylaryň garşysyna kim ilkinji bolup urşa başlasa, şol adam Gilgadyň tutuş ilatyna baştutan bolar» diýdiler. Şonda Gilgadyň ýaşululary Ýeftaha: «Şeýle bolan bolsa-da, biz indi saňa tarap öwrüldik. Ýör, bile ammonlylaryň garşysyna söweşeli! Sen biziň üstümizden, tutuş Gilgat halkyna baştutanlyk et!» diýdiler. Soňra demirgazykda Dandaky, günortada Beýerşebadaky we gündogarda Gilgatdaky ähli ysraýyllar bu çagyryşa jogap berdiler. Olaryň hemmesi bir adam ýaly bolup, Mispada Rebbiň huzurynda ýygnanyşdylar. Soňra Şamuwel Mispada ysraýyl halkyny Rebbiň huzuryna çagyryp, Emma bu günki gün özüňizi zulumdan we jebir-jepadan alyp çykan Hudaýyňyzy siz ret etdiňiz. Siz: „Ýok, bize patyşa belle“ diýdiňiz. Indi tireme-tire, urugma-urug Rebbiň huzurynda hatara düzüliň». Şöhratly adynyň hatyrasyna Reb Öz halkyny terk etmez, çünki Ol sizi Öz halky etmekden hoşal boldy.
Выбор основного перевода