Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
Параллельные места
Olar ýurdy kyrk günläp synlansoňlar, yzlaryna gaýtdylar. Indi bolsa amalekler bilen kenganlaryň jülgelerde ýaşaýandyklary üçin, ertiriň özünde öwrülip, Gyzyl deňziň ýoly bilen çöle tarap ýola düşüň». Bütin ysraýyl jemagaty birinji aýda Sin çölüne geldi. Halk Kadeşde düşledi. Ol ýerde Merýem aradan çykdy we jaýlandy. Musa Kadeşden Edomyň patyşasyna şu habar bilen ilçiler ýollady: «Doganlaryňyz ysraýyl halky şeýle diýýär: „Biziň başymyzdan inen ähli kynçylyklardan habaryňyz bardyr. Atalarymyz Müsüre gitdiler we ol ýerde uzak wagtlap ýaşadylar. Müsürliler bizi we atalarymyzy ezdiler. Biz Rebbe dady-perýat etdik. Ol biziň sesimizi eşitdi we Öz perişdesini iberip, bizi Müsürden çykardy. Ine, indi biz Kadeşde – siziň serhediňize golaý şäherçede durus. Bize ýurduňyzyň içinden geçip gitmäge rugsat ber. Biz ekinleriň ýa üzümçilikleriň içinden ýöremeris ýa-da guýularyňyzdan suw içmeris. Tä siziň ýurduňyzdan çykýançak, saga-sola sowulman, diňe şaýoldan ýöräris“». Emma edomlylar şeýle jogap berdiler: «Ýurdumyzyň içinden geçmersiňiz, eger geçjek bolup synanyşaýsaňyz gylyç alyp, garşyňyza çykarys». Ysraýyllar: «Biz şaýoldan çykman ýöräris, eger biz we biziň mallarymyz siziň suwuňyzdan içäýsek, biz onuň üçin töleg töläris. Bize diňe pyýada geçip gitmäge rugsat berseňiz bolýar» diýdiler. Ýöne olar: «Ýok, geçmersiňiz!» diýip jogap berdiler. Onsoň edomlylar agyr ýaraglanan uly goşun bilen olaryň garşysyna çykdylar. Edomlylar geçmäge ýol bermänsoňlar, ysraýyllar ol ýerden sowlup geçdiler. Emma siz bolsa Gyzyl deňziň ýoly bilen yzyňyza, çöle tarap ýöriş ediň“ diýdi.
Выбор основного перевода