Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Musa Haruna: «Bir golça alyp, onuň içine bir omer mannany sal. Geljekki nesiller üçin saklar ýaly, ony Rebbiň huzurynda goý» diýdi. Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun. Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar. Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň. Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň. Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň. Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn. Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň. Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy. Onsoň Musa hasalary Rebbiň huzuryndan alyp, ähli ysraýyllaryň öňüne çykardy. Olar bu ahwalata syn etdiler we her kim öz hasasyny aldy. Reb Musa şeýle diýdi: «Harunyň hasasyny yzyna getirip, Äht sandygynyň öňünde goý. Ol pitneçiler üçin duýduryş alamaty hökmünde saklanar. Şeýdip, sen olaryň Menden närazy bolmaklarynyň soňuna çykarsyň, ýogsam olar ölerler». Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi. Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi. Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi. Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur. Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy; Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy. Sandygyň içinde Musanyň goýan iki sany kanun ýazylan daş böleginden başga hiç zat ýokdy. Musa bu iki daş bölegini ysraýyl halky Müsür ýurdundan çykandan soň, Rebbiň olar bilen äht eden ýeri bolan Horep dagynda sandyga salypdy.
Выбор основного перевода