Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk biragyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi. Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna serpdi. Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler. Musa gany alyp, halkyň üstüne sepeledi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi. Ruhany düşelgäniň daşyna çykyp, deri kesellini gözden geçirsin. Eger deri keselli adam keselden gutulan bolsa, ruhany tämizlenmeli adam üçin iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik oty getirmeklerini buýursyn. Onsoň çep elindäki ýaga sag eliniň barmagyny batyryp, ony ýedi gezek Rebbiň huzurynda sepelesin. Ruhany bir bölek kedr agajyny, käkilik otuny, gyzyl reňkli sapak alsyn-da, olary sygry ýakyp duran oda atsyn.
Выбор основного перевода