Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi. Bu köp adamlaryň günäleriniň bagyşlanmagy üçin dökülýän ganym arkaly baglanyşylýan ähtdir. Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär. Biziň özümizi aklamaga güýjümiz ýokka, Isa Mesih Hudaýyň öňden bellän wagtynda biz hudaýsyzlar üçin öldi. Biz bolsa gökleriň raýatlary bolup, Halasgär Rebbimiz Isa Mesihiň şol ýerden gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýandyrys. Gaýtam, olaryň özleri siziň bizi kabul edişiňiz barada gürrüň berýärler. Şeýle-de siziň butlardan ýüz öwrüp, Hudaýa tarap öwrülendigiňizi aýdyp berýärler. Siz indi hakyky, diri Hudaýa gulluk edýärsiňiz we Onuň ölümden direlden Ogly Isanyň göklerden gelmegine garaşýarsyňyz. Isa Mesih biziň ählimizi gelejekdäki gazapdan halas edýändir. Dogrulyk Kazysy bolan Reb Isa Öz geljek gününde maňa dogrulyk täjini baýrak berer. Ol bu baýragy diňe maňa däl, eýsem Özüne intizarlyk bilen garaşýanlaryň her birine berer.
Выбор основного перевода