Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13
Параллельные места
Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr. «Ysraýyl halkyna aýt: „Gury ýerde ýaşaýan jandarlaryň arasyndan siziň iýip biljekleriňiz şulardyr: goşatoýnakly, gäwüşeýän islendik haýwany. Kimde-kim bularyň maslygynyň islendik bölegini göterse, ol eşiklerini ýuwsun we agşama çenli haram saýylsyn. Olary tämizlemek üçin şeýle et: olaryň üstüne tämizlik suwuny sepele, onsoň olar bedenindäki ähli tüýleri syrsynlar, eşiklerini ýuwsunlar, şeýdip, özlerini tämizlesinler. Jesede galtaşandan soň, özüni tämizlemedik adam Rebbiň mukaddes çadyryny haram eder. Beýle adam Ysraýyldan kowlup çykarylsyn. Onuň üstüne tämizlik suwy sepilmändir, şonuň üçin ol haramlygyna galypdyr, onuň haramlygy entegem onuň boýnundadyr. Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi. Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn. Onuň ruhanylygy bu pany dünýäniň talabyna, ýagny nesilden-nesle geçýän kada-kanuna däl-de, eýsem Mäliksadyk ruhanylygy ýaly soňsuz ýaşaýyş gudratyna esaslanandyr. Hawa, öňki kada-kanunlar gowşakdygy hem peýdasyzdygy zerarly ýatyryldy. Çünki kanun hiç bir zady kämilleşdirmedi. Indi munuň deregine bizi Hudaýa ýakynlaşdyrýan has oňat bir umyt berildi. Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz.
Выбор основного перевода