Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik äht baglaşaryn. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn. Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn». «Men ysraýyllaryň nalyşyny eşitdim. Olara aýt: agşamyna et iýersiňiz, ertirine bolsa çörekden doýarsyňyz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebbiň Mendigimi bilersiňiz». Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn. Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin. Siziň Hudaýyňyz bolmak üçin, sizi Müsür ýurdundan çykaryp getiren Mendirin. Men Rebdirin». Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Hudaýyňyz Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan sizi saýlady. Reb Öz gudraty we güýji bilen, äpet elhençlikleriniň güýji bilen, alamatlary we mugjyzalary bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi. Çünki Ol size we ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz berşi ýaly, bu gün Ol sizi Öz halky edip alar we Hudaýyňyz bolar. Hemişelik Öz halkym bolsun diýip, halkyň Ysraýyly Özüň üçin ebedi halk etdiň. Ýa Reb, Sen olaryň Hudaýy bolduň. «Men gerşiňi dyndyrdym ýükden, seniň elleriň halas boldy sebetden. Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler». Ýeňen, ine, bularyň baryny miras alar. Men onuň Hudaýy bolaryn, ol hem Meniň perzendim bolar.
Выбор основного перевода