Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol. Soňra Hudaý ýene: «Men Gudratygüýçli Hudaýdyryn. Örňäň, köpeliň. Senden millet we birtopar milletler dörär, seniň nesilleriňden şalar çykar. Hudaý Musa: «Men Mendirin. Ysraýyllaryň ýanyna baryp: „Siziň ýanyňyza ‘Mendirin’ iberdi“ diýip aýt» diýdi. Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň. Goý, olar bilsin: Reb – diňe Sensiň, tutuş ýeriň Beýik Hudaýysyň! «Munuň üçin halkym Meniň adymy biler; şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi şol gün bilerler. Ine, bu Mendirin». «Şonuň üçin hem, Men-Reb bu gezek olara güýjümi we gudratymy hökman görkezerin. Şonda olar Meniň adymyň Rebdigini bilerler». Üstüňize siňirler çekip, size et bitirerin, üstüňize deri geýdirip, içiňize nepesimi üflärin; siz direlersiňiz we Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». Men gabyrlaryňyzy açyp, sizi gabyrlaryňyzdan çykaranymda, eý, halkym, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.
Выбор основного перевода