Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Müsüriň patyşasy gudratly gol bilen mejbur edilýänçä, sizi goýbermejekdigini Men bilýärin. Şonuň üçin hem, Men Müsüre göz görkezerin we onuň içinde etjek ähli geň gudratlarym bilen olaryň temmisini bererin. Şondan soň patyşa sizi goýberer. faraon sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn. Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler». Reb Musa ýene-de: «Faraonyň we Müsüriň üstünden ýene bir betbagtçylyk indererin. Şondan soň faraon size ol ýerden gitmäge rugsat eder. Ol sizi goýberende, öz ýurdundan büs-bütin kowup çykarar. Faraon şol gijäniň özünde Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň. Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler. Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, sebäbi olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylypdylar. Olar hatda özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.
Выбор основного перевода