Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagtlar lewilerden bir adam öz tiresinden bir gyza öýlendi. Onuň aýaly göwreli bolup, bir ogul dogurdy, ol çagasynyň ýakymlyjadygyny görüp, ony öýünde üç aý gizläp saklady. Imranyň aýalynyň ady Ýokebetdi. Ol Lewiniň gyzydy we Müsürde doglupdy. Ýokebet bilen Imrandan Harun, Musa we olaryň uýasy Merýem doguldy. Imranyň ogullary: Harun bilen Musa. Harun iň mukaddes zatlary bagyş etmäge saýlandy. Şeýlelikde, ol hem onuň ogullary elmydama Rebbiň öňünde gurbanlyklar bermelidirler, Oňa hyzmat etmelidirler hem Onuň ady bilen pata bermelidiler. Ýöne Hudaýyň adamy bolan Musa hem onuň ogullary lewileriň tiresine goşuldylar.
Выбор основного перевода