Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Olar işi tamamlanlaryndan soň, galan puly patyşa we Ýehoýada ruhana getirip berdiler. Galan puldan Rebbiň öýi üçin enjamlary, hyzmat üçin we ýakma gurbanlyk bermek üçin enjamlar, jamlar, altyn we kümüş esbaplar ýasadylar. Olar Ýehoýadanyň ömrüniň dowamynda hemişe Rebbiň öýünde ýakma gurbanlyklar hödür etdiler. Ýahuda galalarynda ýaşaýan ysraýyl, ýahuda halklary hem irili ownukly mallarynyň ondan birini, Hudaýy Rebbe bagyş edilen mukaddes zatlaryň ondan birini getirip üýşürdiler. Üçünji aýda üýşmekleri ýerbe-ýer goýmaga başlap, ýedinji aýda ony soňladylar. Hizkiýa bilen baştutanlar gelip, üýşmekleri görüp, Rebbi we onuň halky Ysraýyly alkyşladylar. Hizkiýa ruhanylardan we lewilerden getirilen zatlaryň üýşmekleri barada sorady. Sadogyň neslinden bolan baş ruhany Azarýa şeýle jogap berdi: «Rebbiň öýüne sadakalaryny getirip başlanlaryndan bäri biziň iýmitimiz ýeterlik boldy, hatda köp artyp hem galdy. Rebbiň Öz halkyna bereket berendigi sebäpli, bizde artyk galan zat köp». Olar agyr muşakgatlarda synalsa-da, joşgunly şatlykdan dolup-daşýarlar. Garyplygy çenden agyr bolsa-da, sahylyga baýdyrlar. Dogrudan-da, olar elinden gelen, hatda ondan hem artyk hemaýat kömegini sahylyk bilen meýletin berdiler.
Выбор основного перевода