Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.
Выбор основного перевода