Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat. Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun. Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin. Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap, şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban bolsun. Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň. Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden dabany bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban bejert. Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň. Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň. Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin. Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden dabany bolsun. Akasiýa agajyndan syryklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş syryk, beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar. Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän syryk çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir. Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Syryklary hem altyna gaplat.
Выбор основного перевода