Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň. Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç; gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar. Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar. Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn.
Выбор основного перевода