Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Akasiýa agajyndan gurbanlyk sypasyny ýasa. Onuň uzynlygy bäş tirsek, ini hem bäş tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasy dörtburç şekilinde bolup, beýikligi hem üç tirsek bolsun. Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp dursun. Şu burçlar gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi bolsun. Ony bürünç bilen gapla. Gurbanlyk sypasy üçin kül gaplary, kül atarlar, legenler, çarşaklar we maňňallar ýasa. Olaryň hemmesi bürünçden bolsun. Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasa. Onuň dört burçunyň hersine bürünçden halka ýasa. Halkalary gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdir, şonda gözenek gurbanlyk sypasynyň ýarysyndan aşakda bolar. Akasiýa agajyndan syryklar ýasa we olary bürünç bilen gapla. Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçir. Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn. «Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý. Şol suw bilen Harun we onuň ogullary ellerini we aýaklaryny ýuwsunlar. Olar Maňa ýüz tutulýan çadyra girenlerinde ýa-da gurbanlyk sypasynda ot üsti bilen Maňa gurbanlyk bermäge gelenlerinde, şol suw bilen ýuwunsynlar. Şonda olar ölmezler. Olar şol suw bilen ellerini, aýaklaryny ýuwsunlar, şonda olar ölmezler. Bu Harun üçin we onuň nesilleri üçin arkama-arka gaýtalanýan ebedilik düzgün bolsun».
Выбор основного перевода