Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn. Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasa. Onuň uzynlygy-da, ini-de bir tirsek bolup, ol dörtburç bolsun. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlary bilen bile tutuş bir bitewi edilsin. Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gapla. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çek. Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dak. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçir. Syryklary akasiýa agajyndan ýasa we olary altyna gapla. Sypany Äht sandygynyň ýanyndan asylgy tutynyň öňünde ýerleşdir. Ony Äht sandygynyň gapagynyň dogrusynda goý, çünki Men ol ýerde seniň bilen duşuşaryn. Her gün irden Harun çyrany arassalap ýaglamaga gelende, bu sypanyň üstünde ýakymly ysly tütetgi ýaksyn. Ol agşam çyrany ýakmaga gelende-de şeýle etsin. Siz bu ýakymly ysly tütetgini Meniň huzurymda hemişe nesilme-nesil etmelisiňiz. Bu sypada başga hiç hili tütetgi ýakylmasyn, ýakma gurbanlygy ýa-da galla sadakasy berilmesin we onuň üstüne içgi sadakasy guýulmasyn. Ýylda bir gezek Harun onuň burçlarynda günäden saplanma gurbanlygyny bersin. Günäden saplanmak üçin öldürilen malyň ganyny döküp, ýylda bir gezek nesillerboýy günä gurbanlygyny ber. Sypa Rebbe bagyş edilendir». «Ine, şu iň gowy hoşboý ysly zatlary al: ýarym put mukdarda suwuk mür, çärýek put mukdarda ýakymly ysly dalçyn we ýene-de çärýek put mukdarda hoşboý ysly gamyş, ýarym put mukdarda hindi dalçynyny al. Bularyň hemmesi mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçensin we dört küýze zeýtun ýagyny al. Ussatlyk bilen garyp, bulardan mesh ýagyny ýasa. Bu mukaddes mesh ýagydyr. Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. Maňa ýüz tutulýan çadyra, Äht sandygyna, hantagta we onuň ähli enjamlaryna, çyradana we onuň ähli enjamlaryna, tütetgi sypasyna, ýakma gurbanlyk sypasyna we onuň ähli enjamlaryna, legene we onuň sütünine şu ýagy sepele. Olary mukaddes et, şonda olar iň mukaddes zatlar bolar. Olara galtaşan hem mukaddes bolar. Haruny we onuň ogullaryny ruhanylarym bolup hyzmat etmekleri üçin, başlaryna ýag guýup, Maňa bagyş et. Ysraýyllara aýt: Bu siziň üstüňiz bilen nesilme-nesil geçýän Meniň mukaddes mesh ýagymdyr. Bu mesh ýagyny adaty bedeniňize guýmak üçin ulanmaly däldir, başga her hili zatlar bilen garyşdyrmaly däldir. Bu mukaddesdir we siziň üçin hem mukaddes bolmalydyr. Ruhanydan başga kimde-kim şonuň ýaly atyr ýasasa we biriniň üstüne guýsa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar». Reb Musa şeýle diýdi: «Hoşboý ysly zatlary: balzamy, onikany, galbanumy we ýakymly ysly tütetgini al. (Bularyň hemmesi deň möçberde bolsun.) Atyr ýasaýjy garyp, olardan hoşboý ysly tütetgi ýasa. Oňa duz hem goş, ol sap we mukaddes bolsun. Onuň bir bölegini külkeläp, siziň bilen duşuşýan ýerim bolan Äht sandygynyň öňündäki Maňa ýüz tutulýan çadyrda goý. Bu siziň üçin iň mukaddes bolar. Şu usul bilen özüňiz üçin tütetgi taýýarlamaň. Muny Men-Rebbe bagyş edilen hasaplaň. Kim muny atyr hökmünde ulansa, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar».
Выбор основного перевода