Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym. Men ony Öz Ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim. Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn. Daşlary oýup gaşlary goýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim. Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:
Выбор основного перевода