Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz ýewreý guluny satyn alsaňyz, ol size alty ýyllap hyzmat eder, ýedinji ýyl bolsa ol hiç hili bergisiz azat adam bolar. Eger ol sallah bolup gelse, sallahlygyna hem gider. Eger öýlenen gul gelse, onuň aýaly-da özi bilen gider. Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy.
Выбор основного перевода