Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eger ildeşiňiň biri halys garyp düşüp, özüni saňa satsa, sen ony gul ýaly işletme. Gaýtam, ol seniňkide wagtlaýyn ýaşaýan gelmişek ýa-da günlükçi bolsun. Ol baýram ýylyna çenli seniňkide işlesin. Baýram ýylynda bolsa ol öz çagalary bilen seniň ygtyýaryňdan çykyp, öz maşgalasyna, ata-babalarynyň mülküne dolanyp gelsin. Eger öz ýewreý, ýagny ysraýyl doganlaryňyzdan gul ýa-da gyrnak size satylsa, olar size alty ýyllap hyzmat eder. Ýedinji ýyl siz ony azatlyga goýbermelisiňiz. Guluňyzy azatlyga goýbereniňizde, siz ony eli boş goýbermeli dälsiňiz. Sürüleriňizden, harmanyňyzdan we şerabyňyzdan oňa jomartlyk bilen beriň, şeýle hem Hudaýyňyz Rebbiň bereket eçilip, size beren zatlaryndan oňa sowgatlar beriň. Müsürde özüňiziň hem gul bolandygyňyzy we Hudaýyňyz Rebbiň sizi ol ýerden azat edendigini ýadyňyza salyň. Şol sebäpli bu gün men size bu buýrugy berýändirin. Emma gul: „Men azatlyga çykjak däl, sebäbi men seni we hojalygyňy söýýärin we gün-güzeranym hem gowy“ diýse, bir temen alyp, onuň gulagyny gapa diräp deşiň. Soňra ol siziň hemişelik guluňyz bolar. Gyrnagyňyzy hem şeýle ediň. Gullaryňyzy azatlyga goýbereniňizde gynanmaň, sebäbi olar alty ýylyň içinde günlükçilik üçin alnan bahadan iki esse artyk hyzmat etdiler. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň ähli işleriňize bereket berer. „Özlerini gul edip satyp, size alty ýyl gulluk eden ýewreý doganyňyzy ýedinji ýylda azatlyga goýberiň“. Ýöne siziň ata-babalaryňyz Meni diňlemediler, gulak asmadylar.
Выбор основного перевода