Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma bir adamyň başga biri bilen duşmançylygy bolup, bukuda ýatyp, onuň üstüne çozup, ony öldürse, soňra-da ol bu galalaryň birine gaçyp barsa, ganhoryň galasyndaky ýaşulular adam iberip, günäkäri ol ýerden getirtmeli. Ony öldürmek üçin öldürileniň hossarynyň eline beriň. Bu habar Ýowaba baryp gowşanda, ol Rebbiň çadyryna gaçyp baryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryndan ýapyşdy. Çünki Ýowap Abşaloma däl-de, Adonyýa goldaw beripdi. Süleýman patyşa: «Ýowap Rebbiň çadyryna gaçyp bardy, ol şol ýerde gurbanlyk sypasynyň ýanynda» diýip habar berdiler. Süleýman: «Bar, git-de, ony öldür» diýip, Ýehoýadanyň ogly Benaýany iberdi. Onsoň Benaýa Rebbiň çadyryna gelip, Ýowaba: «Saňa patyşanyň adyndan bärik çykmagyňy buýurýaryn» diýdi. Ýöne Ýowap: «Ýok, men şu ýerde öljek» diýdi. Soňra Benaýa ýene-de, yzyna gidip: «Ýowap maňa şu jogaby berdi» diýip, onuň ähli aýdanlaryny patyşa habar berdi. Patyşa şeýle jogap berdi: «Onuň aýdyşy ýaly et. Ony öldür-de, jaýla. Şeýdip, menden we kakam Dawudyň beýleki nesilleriniň boýnundan Ýowabyň döken nähak ganynyň günäsini aýyr. Reb onuň bu döken ganyny öz başyndan inderer. Çünki ol özünden-de dogruçyl hem-de gowy iki adamy, ýagny Ysraýylyň goşunbaşysy, Neriň ogly Abner bilen Ýahudanyň goşunbaşysy Ýeteriň ogly Emasa bilen urşup, olary öldürdi, kakam Dawudyň bolsa mundan habary ýokdy. Abneriň we Emasanyň gany ebedi Ýowabyň hem-de onuň nesilleriniň başyndan iner. Emma Reb Dawuda we onuň tagtda oturýan nesillerine ebedilik asudalyk berer». Onsoň Ýehoýadanyň ogly Benaýa gidip, Ýowaby öldürdi. Ol öz çöldäki mülkünde jaýlandy. Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.
Выбор основного перевода