Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň Musa bilen Harun faraonyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“». Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi. Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukoda tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy. Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy.
Выбор основного перевода