Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, olar hatda tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler. Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar. Olar şähere tarap okdurylýarlar, diwarlaryň ýüzünden ylgaýarlar, dyrmaşyp, jaýlara aralaşýarlar, ogry kimin penjirelerden girýärler.
Выбор основного перевода