Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Rebbiň Mendigime göz ýetirerler». Faraonyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al. Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler. Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda, siz olara: „Bu Rebbe berilýän Pesah gurbanlygydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende, ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler. Ýedilenji gün bolsa ogluňa: „Men bulary Müsürden çykanymda Rebbiň maňa edenleriniň hatyrasy üçin şeýle edýärin“ diýip gürrüň ber. Her haçan ogluň senden munuň nämäni aňladýandygyny soranda, oňa şeýle diý: „Reb Öz gudratly goly bilen bizi gul bolup ýaşan ýurdumyz Müsürden alyp çykdy. Faraon doňýüreklik edip, bizi goýbermekden ýüz öwreni üçin, Reb Müsüriň ähli ilkinji doglan ynsan ogullaryndan başlap, tä mallaryň ilkinji dogran erkek jynslylaryna çenli öldürip çykdy. Şonuň üçin hem ilkinji doglan ähli erkek jynslylary Rebbe gurban edýärin, ýöne nowbahar oglumy yzyna satyn alyp bilýärin“. Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň. Eý, Hudaý, gulagymyz bilen eşitdik; atalarymyzyň döwründe, gadym eýýamda olar bize Seniň edenleriň barada gürrüň berdiler. Olary zürýatlaryndan gizlemeris biz; Rebbiň şanly işlerini, güýç-kuwwatyny, Onuň görkezen gudratlaryny, geljek nesle yglan ederis. Geljek nesliň, indi doguljaklaryň bileri ýaly, olaryň hem öz nobatynda çagalaryna aýdary ýaly, umytlaryny Hudaýa baglary ýaly, Hudaýyň edenlerini unutman, Onuň parzlaryny saklary ýaly, ýürekleri Hudaýa wepa bermedik, ruhy Oňa sadyk bolmadyk atalary deý dikdüşdi, pitneçi bolmazy ýaly, Ol Ýakubyň nesline – Ysraýyl halkyna kanuny berdi. Perzentlerine ony öwretmekligi ata-babalarymyza Ol emr etdi. Siz muny ýetiriň çagalaryňyza, olar hem aýtsyn öz çagalaryna, olaryň çagalary-da indiki nesle.
Выбор основного перевода