Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Maňa gulluk eder ýaly Meniň oglumy goýber diýdim, emma sen onuň gitmegine garşy bolduň. Seret, indi Men hem seniň ilkinji bolan ogluňy öldürerin“». «Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin». Ýagyş ýagmaz ýaly gögi baglanymda ýa-da çekirtgelere ýurduň hasylyny ýuwut diýip buýruk berenimde ýa-da halkymyň arasyna gyrgyn keselini ýollanymda, Meniň adymy göterýän halkym özüni peseldip, dileg edip, Meni agtaryp, öz pis ýollaryndan dönse, şonda Men olary gökden eşidip, günälerini geçip, ýurtlaryny dikelderin. „Meniň bu ýere we onuň ilatyna garşy aýdan sözlerimi eşideniňden soň, seniň ýüregiň ýumşady. Özüňi Hudaýyň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, huzurymda dady-perýat etdiň. Şonuň üçin hem Men seniň dilegiňi eşitdim. Muny Men – Reb aýdýandyryn. Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder. Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.
Выбор основного перевода