Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň. Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň. Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim. „Eý, Dawudyň nesli! Reb şeýle diýýär: ‘Ertirine adalaty berjaý ediň, talanany zalymyň elinden halas ediň. Ýogsam pis işleriňiz zerarly gazabym ot kimin lowlap ýandyraýmasyn, ony hiç kim söndürip bilmez. Bu ähte görä her kim öz ýewreý guluny we gyrnagyny azat etmelidi, olaryň hiç biri başga bir ýahudylyny gul etmeli däldi.
Выбор основного перевода