Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar. Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy. «Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz? Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Выбор основного перевода