Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ne eşitdiňiz siz, ne-de bildiňiz, owaldan gulagyňyz açylmandy. Men siziň dönüklik etjekdigiňizi bildim, doglanyňyzdan bäri size topalaňçy diýildi. Reb şeýle diýýär: «Ejeňiz talak zerarly gitdimi? Eýsem bergidar bolup satdymmy sizi? Ine, siz öz etmişleriňiz sebäpli satyldyňyz, siziň ýazyklaryňyz zerarly ejeňiz kowuldy. Öňüňde ýazyklarymyz köpdür, günälerimiz özümize garşy şaýatlyk edýär, ýazyklarymyz ýanymyzdadyr, etmişlerimizi biz bilýäris. Men Ýahudanyň we Ysraýylyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, olary öňküsi ýaly edip bina ederin. Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn. pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.
Выбор основного перевода