Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Biraz wagt geçensoň, birtopar adam we olaryň aýallary öz ýahudy doganlaryndan ýaňa ahy-nala etdiler. Käbirleri: «Ogullarymyz we gyzlarymyz bilen biz köplükdiris; diri galarymyz ýaly, bize galla berilsin» diýýärdiler. Käbirleri-de: «Biz açlyk zerarly galla aljak bolup, ýerimizi, öýümizi, üzümçiligimizi girewe goýduk» diýýärdiler. Olaryň: «Biz patyşanyň ekin ýerimize, üzümçiligimize salýan salgydyny tölemek üçin, pul karz aldyk. Biziň süňňümizem, aslymyzam beýleki ýahudalaryňky bilen birdir. Çagalarymyzam şolaryň çagasyndan kem däl. Muňa garamazdan, biz ogullarymyzy, gyzlarymyzy gulçulyga bermeli bolýarys. Gyzlarymyzyň-a eýýäm gyrnak bolanlary-da bar. Emma biziň etjek alajymyz ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň elinde» diýýänleri-de bardy. Olaryň dady-perýatlaryny we arz-‑şikaýatlaryny eşidenimde, meniň gaty gaharym geldi. Bu zatlar hakda oýlanyp, beglere hem baştutanlara käýedim. Men olara: «Siziň her biriňiz öz halkyňyza göterimine pul berýärsiňiz» diýdim. Onsoň olaryň garşysyna uly jemagaty ýygnap, şeýle diýdim: «Biz ýagdaýymyzyň çatdygyndan, başga milletlere satylan öz ýahudy doganlarymyzy yzyna satyn aldyk. Emma siz hatda öz garyndaşlaryňyzy-da gulçulyga satýarsyňyz; soň biz olary yzyna satyn almaly bolýarys!» Olar dymyp, diýere söz tapmadylar. Onsoň men: «Siziň bu edýän işiňiz gowy däl. Bize duşman bolan milletleriň gyjalatyndan gutulmak üçin, Hudaýymyzyň gorkusynda gezmeli dälmisiňiz?» diýdim. Munuň üstesine-de, men, meniň doganlarym we meniň hyzmatkärlerim hem olara pul we galla karz berýäris. Geliň, şu göterimine zat bermegi bes edeliň. Şu günüň özünde olaryň ekin ýerlerini, üzümçiligini, zeýtun baglaryny, öýlerini, puldan, bugdaýdan, şerapdan we ýagdan alan göterimiňizi olara yzyna gaýdyp beriň. Şonda olar: «Biz edil seniň aýdyşyň ýaly ederis. Bularyň hemmesini yzyna bereris we olardan hiç zat talap etmeris» diýdiler. Onsoň men ruhanylary çagyryp, ähli ýolbaşçylara beren sözlerini berjaý etjekdiklerine ruhanylaryň öňünde ant içirdim. Şol gün Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb ýas baglamaga çagyrdy sizi, saçlaryňyzy ütüp, jul geýinmäge çagyrdy. Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz. Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin. Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris? Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. Olar Isa: «Ýahýanyň şägirtleri ýygy-ýygydan agyz bekläp, doga-dileg edýärler, fariseýleriň şägirtleri hem şeýle, emma Seniň şägirtleriň iýip-içip ýörler» diýdiler. Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.
Выбор основного перевода