Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Bir ses gygyrýar: «Sährada Rebbe ýol taýynlaň, çölde Hudaýymyz üçin ýoda düzläň. Oýan, eý, Sion, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, haram adamlar içeri girmezler asla. Geçiň, geçiň derwezelerden! Halkyň ýoluny taýynlaň! Çekiň, çekiň şaýoly, ony daşlardan arassalaň, halklar üçin baýdak dikiň! Eý, Ysraýylyň Umydy, hasratly wagtyndaky Halasgäri! Neçün bolýaň bu ýurtda gelmişek ýaly, gijäni geçirmek üçin düşlän ötegçi ýaly? Dar gapydan giriň, sebäbi heläkçilige eltýän gapy inlidir we onuň ýoly giňdir. Bu ýoldan girýänler köpdür. Emma ýaşaýşa eltýän gapy insizdir, ýoly dardyr. Bu ýoly tapýanlar azdyr. Isa oňa: «Ýol, hakykat we ýaşaýyş Mendirin, Mensiz hiç kim Atanyň ýanyna baryp bilmez.
Выбор основного перевода